Aýpi hakynda rowaýat

Aýpi hakyndaky bu gussaly hekaýatyň ne öňi bar, ne-de soňy, bir säw bilen onuň diňe guraksy manysy galypdyr. Ýaş gelniň gysga ömri we tragiki ölümi adamlary hiç haçan düýpli
gyzyklandyrmandyr. Ýöne, adalatsyz hem birehim hökümiň gurbany bolan aýalyň ynjalyksyz ruhundan eýmenip, balykçylar deňze çykanlarynda onuň bilen bagly alamata gabat gelmekden çekinipdirler.
Gelniň ykbaly-da, onuň doly ady-da, biweç gorkynyň nähak pidasy bolup, asyrlaryň tümlüginde ýitip gidipdir, ol hakynda diňe rowaýat galypdyr…

 Kebjebaş

 

Romandaky wakalar garaşsyz ýurtda ýaýbaňlanýar, kitabyň gahrymanlary-da garaşsyz topragyň adamlary. Ýöne ýurduň bütin durkunda, onuň dolandyrylyşynda, adamlaryň özara gatnaşyklarynda, olaryň özlerini alyp barşynda ýykylan im-periýanyň gorkunç keşbi ör-boýuna galýar. Kitaby okanyňda döwlen aýnanyň gyýçaklarynda öz ýüzüňi gören ýaly bolýarsyň.
Romanyň baş gahrymany – adam sypatyna giren okumyş ýylan, Kepjebaş. Onuň garşydaşy – Kommunistik partiýanyň Merkezi Komitetiniň milli respublikadaky ozalky 1-nji sekretary, dikme, ýumuş oglany, bu günki gün – jenap ýoldaş Prezident, çäklendirilmedik häkimiýetiň eýesi…